Marvel Tom Holland bilen dördünji “Möý adamyň” ssenariýasynyň üstünde işleýär

  • 18.02.2023 11:58
  • 11k+

Marvel Studios-yň ýolbaşçysy Kewin Faýgi baş keşpde Tom Hollandyň bolmagy bilen “Möý adamyň” dördünji bölüminiň ssenariýasynyň üstünde işlenýändigini tassyklady. Ol sýužet barada ilkinji maglumatlar bilen hem paýlaşdy. Bu barada buro247.ru habar berýär.

“Biziň uly bir wakamyz bar. Bizde film üçin uly ideýalar döredi. Ssenariýaçylarymyz eýýäm ýazmaga başladylar” – diýip, Faýgi belleýär.

Häzirlikçe geljekki filmde Tobi Maguaýr bilen Endrýu Garfildiň çykyş etjekdigi belli däl. Öň, aktýorlaryň ikisi-de Möý adam baradaky ýene bir filmde surata düşmek mümkinçiligine oňyn seslenipdiler.
Şeýle-de, Faýgi üçünji “Dedpulyň” Marvel kinoäleminde 18+ reýtingli ilkinji film boljakdygyny nygtady.
“Bleýdi” hem geljek 10 hepdäniň dowamynda surata düşürip başlamak meýilleşdirilýär. Öň, Marvel kinony goýujy Bassam Tarigiň taslamadan gitmegi sebäpli filmiň önümçiligini togtatdy. Indi režissýoryň ornuny “Lawkraft ýurdy” serialynyň birinji bölümini surata düşüren Ýan Demanž eýeledi.
Ýakynda bolsa Amazon-yň Möý adam barada öz serialyny döretmegiň üstünde işleýändigi belli boldy. Ýöne baş keşbi kimiň ýerine ýetirjekdigi heniz belli däl.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......