Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde elektron nobat hyzmaty giriziler

  • 18.02.2023 08:01
  • 23k+

Gazagystanyň Türkmenistan hem-de Özbegistan bilen döwlet serhetleriniň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda fewral aýynyň ahyryna çenli elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar. Bu barada «Kazinform» agentligi Gazagystan Respublikasynyň Döwlet girdejileri komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan bilen serhetdäki «Temir-Baba» nokadynda bu hili hyzmat 22-nji fewraldan, Özbegistan bilen serhetdäki «Tažen» nokadynda 27-nji fewraldan işe giriziler. Geçiriş nokatlarynyň ikisi hem Gazagystanyň Mangistau oblastynda ýerleşýär.
2022-nji ýylyň 23-nji fewralyndan gazak-hytaý serhedinde «CarGoRuqsat» — elektron nobat hyzmaty ornaşdyrylypdy. Hyzmat Qoldau.kz sanly platformada işe girizilip, mugt işleýär.
Elektron nobat ulgamy gazak işläp taýýarlaýjylary tarapyndan döredilip, şolar tarapyndan ideg edilýär. Onda 7,5 müň töweregi ulanyjy bellige alnyp, nobat bronlamak boýunça 84 müň sany amal ýerine ýetirildi.
CarGoRuqsat elektron nobat ulgamynyň wezipesi ýük daşaýjylaryň deslapdan nobat bronlap bilmeginden hem-de bu nobatyň hemmelere mälim bolmagyndan ybarat. Munuň özi heniz bronlamak tapgyrynda ýük daşaýjylaryň format-logiki barlagdan geçmeginiň hasabyna ýük maşynlarynyň serhetden geçmek işini tizleşdirmäge ýardam eder. Ulgam sürüjiniň salgytlar, tölegler ýollardan ýöräni üçin bergisiniň barlygyny anyklaýar, tirkegiň registrasiýasyny we beýlekileri barlaýar.


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......