MAGRAÇ GIJESINIŇ SYRLARY

  • 17.02.2023 08:16
  • 68k+

2023-nji ýylyň 17-nji fewral gijesi, ýagny aýyň 17-den 18-ne geçilýän gije musulman hasabynda Magraç gijesidir. Magraç gijesiniň ähmiýeti we bu gijede bolan wakalar köpsanly eserlerde ýatlanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda hem bu gije hakda söz açylýar.

Kamary aýlardan rejep, meret (şaban) we remezan aýlaryna «üç aýlar» diýilýär. Musulmanlaryň ruhy durmuşynda bu aýlaryň aýratyn orny bardyr, çünki bu aýlar mübärek gijelerden doludyr. Rejep aýynyň birinji juma gijesi regaýyp gijesi bolsa, 27-nji gijesi-de magraç gijesidir. Şaban aýynyň 15-nji gijesi berat gijesi bolsa, remezan aýynyň 27-nji gijesi hem mübärek gadyr gijesidir.
«Magraç» has dogrusy «Miraj» sözi, aslynda «merdiwan, ýokary göterýän» diýen manylary berýär. Magraç gijesine başgaça «Isra» gijesi hem diýilýär.   «Isra» sözi «gije ýörişi» diýen manyny aňladýar.
Pygamberimiz Muhammet pygamberiň bu gije eden syýahaty we uly derejelere göterilmegi Isra bilen Magraç sözleriniň aýratyn bir adalga öwrülmegine getirdi.
Alym-ulamalaryň aýtmagyna görä, Allatagala ýakynlygyň iň üstün derejesi bolan “Magraç” adamyň aňlamagy mümkin bolmadyk bir hadysadyr. Muny tebigat kanunlary bilen düşündirmek mümkin däldir.
Magraç wakasy hijretden bir ýarym ýyl öň Mekke şäherinde bolup geçipdir. Ony gysgaça şeýle beýan etmek mümkin. Muhammet pygamber rejep aýynyň 27-nji gijesinde Käbede uklap ýatyrka, ýanyna Jebraýyl perişde gelipdir we onuň Allatagalanyň beýik huzuryna çagyrylandygyny habar beripdir. Şondan soňra Muhammet pygamber Jebraýyl perişdäniň ýolbeletliginde Burak atly bir ulaga münüp, Mekkedäki Metjid-i Haramdan Kudusdaky Metjid-i Aksa gelipdir.
Pygamberimiz Kudusda birnäçe wagtlap galyp, iki rekagat namaz okapdyr. Şondan soňra başga bir ulag bilen göklere çykypdyr. Has soňra hem hiç bir adama, hiç bir perişdä nesip etmedik uly derejelere göterilipdir, hiç bir araçysyz gönüden-göni Allatagaladan wahyý alypdyr.
Soňra Pygamberimiz şol gijäniň özünde yzyna dolanyp, ýany bilen birtopar ruhy sowgatlar alyp gelipdir. Olar günde bäş wagt namaz, Allatagalanyň özüne şärik goşmadyk günäkär kişileri, islese, bagyşlajagy hakdaky habar we «Bakara» süresiniň iň soňky iki aýatydyr. 
Bu gijäniň mertebesi «Isra» süresinde hem beýan edilýär. Şol sürede agzalýan ahlak we ýagşylyk düzgünleri ähli döwürler we ähli kowumlar üçin iň möhüm adamkärçilik ýörelgeleridir. Bu düzgünler gysgaça aşakdakylardan ybaratdyr:

  1. Allatagala şärik goşmaň.
  2. Ene-ataňyzyň diýenini ediň we olara hormat goýuň.
  3. Hak eýelerine haklaryny beriň.
  4. Isrip etmäň.
  5. Öte geçmekden häzir boluň.
  6. Zyna ýakynlaşmaň.
  7. Ýetimlere ýagşylyk ediň.
  8. Ölçegde we çeküwde hilä ýüz urmaň.
  9. Bilmeýän bir zadyňyzyň yzyna düşüp, oňa köre-kör eýermäň.
  10. Ýeriň ýüzünde tekepbirsiräp we gopbamsyrap ýöremäň.     

Beýleki baýram gijelerinde bolşy ýaly bu gijäniň hem özüne mahsus namazy bar. Her iki rekegatdan iki egniňe salam bermek bilen on iki rekegat namaz okamak Magraç gijesine mahsusdyr. Üstesine, bu gijede namazlaryň kazasyny almak, nepil namazy okamak, Gurhan okap, toba edip, günäleriniň geçilmegini dilemek, hatda dileg-doga edip bu gijäni uklaman geçirmek ýaly zatlar hem ündelýär. Şonuň ýaly-da, bu gije ýoksullara, hossarsyz çagalara-da, mätäçlere ýardam berip, olary begendirmek, olaryň alkyş-dogalaryny almak iň sogaply amallaryň biri hasap edilýär. Il-güne, halkyňa, ýurduňa edilýän ýagşy dileg-dogalaram tiz kabul bolýan hem-de rysgal-bereketiňi artdyrýan sebäp hökmünde görülýär. Bu diňe Magraç gijesiniň bilinýän syrlarynyň ujypsyz bir bölegidir. Her ýagşy niýet, amal, hereket üçin bihasap sogap ýazylýandygy, köp-köp gowulyklara ugur almaga sebäp bolunýandygy, şeýle hem bu gijäniň mundan başga-da köpsanly syrly hikmetleriniň bardygy ylmy eserlerde ýatlanylýar.
Goý, bu gijede edýän ybadatlaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz Biribaryň dergahynda kabul bolsun!

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....