Gazagystanda çaga doglanda onuň adyna döwlet tarapyndan dollarda toplaýyş hasaplary açylar

  • 15.02.2023 19:35
  • 33k+

Gazagystanyň dünýä inen her bir raýatynyň awtomatiki usulda dollar walýutasynda toplaýyş hasaby bolar, bu bolsa her ýyl 1-nji ýanwarda Gazagystanyň Milli gaznasyndan çig mal pudagynyň hasabyna doldurylar. Bu barada Respublikanyň Maliýe ministrligi tarapyndan hödürlenen «Milli gazna — çagalar üçin» taslamasyna salgylanýan Tengri News neşiri habar berýär.

Taslamany ýurtda 2024-nji ýyldan başlap durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle nusganyň Norwegiýanyň Döwlet pensiýa gaznasynda hem ulanylýandygyny bellemelidiris.
Toplaýyş hasabyndaky serişdelerini raýatlar 18 ýaşyny doldurandan soň ulanyp bilerler.
Maýa goýum girdejileriniň mukdary Milli gaznanyň birnäçe ýyllap ortaça girdejisi derejesinde kesgitlener. Kämillik ýaşyna çenli hasaplarda toplanan puluň mukdary takmynan 3,5 müň dollar bolar diýlip çaklanylýar.

Toplanan pul iki zada sarp edilip bilner: bilim almak ýa-da jaý edinmek. Mundan başga-da, gozgalmaýan emläkleri diňe Gazagystanyň öz çäginde satyn alyp bolar, bilim almak babatynda bolsa, ony ýurduň daşyndaky bilime hem sarp etmäge rugsat berilýär.
Kämillik ýaşyna ýetensoň, hasapdaky serişdeler 5-10 ýyl saklanar. Eger talap edilmese, pul pensiýa hasabyna geçiriler. Şeýle hem, serişdeleri miras alyp bolar.
18 ýaşa ýetmedik raýat başga bir ýurda göçüp, raýatlygyny üýtgetse, töleg hukugyny ýitirer. Raýatlygy saklamak bilen başga bir ýurda göçüp barylanda tölegler galar.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......