HBS: Internet Explorer Windows 10 oturdylan kompýuterlerde işlemegini bes eder

  • 15.02.2023 13:04
  • 4.8k+

14-nji fewraldaky täzelenme oturdylandan soň, Windows 10 operasion ulgamynda işleýän şahsy kompýuterleriň aglabasynda Internet Explorer web-brauzerini işledip bolmaz. Bu barada sişenbe güni Amerikanyň The Verge portaly habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, ýeke-täk kadadan çykmalar Hytaý hökümetiniň zerurlyklaryna laýyk gelýän operasion ulgamyň modifikasiýasyna esaslanýan enjamlar, şeýle hem LTSB müşderi programmasyny ulanyjylaryň enjamlary bolar.
Amerikan korporasiýasy sekiz ýyl töweregi wagt bäri Internet Explorer-i ulanyşdan aýyrmaga synanyşýar diýip, portal belleýär. Onuň ýerine häzirki zaman Chromium arhitekturasynda işleýän Microsoft Edge brauzeri teklip edilýär. Kompaniýanyň özüniň tassyklamagyna görä, Internet Explorer indi "gündelik iş üçin programma" däl, ony diňe "zerurlyk ýüze çykanda" ulanmaly bolýar.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......