«Titanigi» guran gämigurluşyk kompaniýasy öz işini gaýtadan dikelder

  • 14.02.2023 22:31
  • 31k+

1912-nji ýylda «Titanigi» guran Belfastdaky Harland & Wolff gämi abatlaýyş kärhanasy täzeden işe başlar. Bu barada duşenbe güni Financial Times habar berdi.

Üç ýyl ozal iňlis telekeçisi Jon Wud gämi abatlaýyş kärhanasyny 6 million ýewro (7,3 million dollar) satyn alypdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa geçen aý Ispaniýanyň Navantia gämi gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçylygyndaky konsorsium bilen üç sany harby-ulag gämisini gurmak üçin 1,6 milliard ýewrolyk (takmynan 1.8 milliard dollarlyk) şertnama baglaşdy.
Eýesiniň sözlerine görä, şeýle hyzmatdaşlyk  gämi abatlaýyş kärhanasyna we häzirki wagtda Angliýanyň iň garyp sebitleriniň biri hasaplanýan Demirgazyk Irlandiýa täze durmuş getirer. Täze şertnamalar önümçilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer we 700-e çenli goşmaça iş ornuny döreder.
Neşiriň belleýşi ýaly, Harland & Wolff gämi abatlaýyş kärhanasy 1861-nji ýylda gurlupdyr, ýöne geçen asyryň ahyrynda Ýewropadaky we Aziýadaky kompaniýalaryň bäsdeşligi sebäpli peselip başlapdyr. Gämi abatlaýyş kärhanasy 2003-nji ýyldan bäri gämi gurmandyr.
«Titanik» ýolagçy gämisi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýeke-täk syýahatyna ugrap, Sautgemptondan ýola düşüpdir. Ol 14-nji aprelden 15-nji aprele geçilen gije Demirgazyk Atlantikanyň suwundaky buz dagy bilen çaknyşypdyr we 2 sagat 40 minutdan soň gark bolupdyr. Heläkçiligiň netijesinde takmynan 1,5 müň adam aradan çykdy, 712 ýolagça we ekipažyň  agzalaryna halas bolmak başartdy.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......