Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

  • 13.02.2023 16:02
  • 6.2k+

12-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy. 

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. EYR-nyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlary bar.
Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales şu medeni çäräniň dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy taryhyna eýe bolan eýran-türkmen halklarynyň ynanyşmaga esaslanan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň, aýratyn-da, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüş depginleri bilen häsiýetlenýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, “Kormanj” we “Ronak” belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary düzdi. Joşgunly el çarpyşmalar eýran halkynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän däp-dessurlaryna ygrarlydygyny görkezýän sportuň gadymy görnüşleriniň wekilleriniň ýokary ussatlygyna berlen mynasyp baha boldy.
Dostlukly ýurduň artistleriniň konserti 13-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem geçiriler. Şeýle-de şol gün Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary geçiriler. Kino sungatynyň janköýerlerine 13-14-nji fewralda “Aşgabat” kinokonsert merkezinde eýranly kinematograf bilen duşuşyk garaşýar. Şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda düşürilen kinofilmler görkeziler. EYR-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen meýilleşdirilen duşuşyklarynyň dowamynda medeni ugurda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 14-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde tamamlanar. Şol ýerde döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasy we iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki dostluk konserti bolar. Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar muzeý gymmatlyklary hem-de paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerleri bilen tanşarlar.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......