Türkiýäniň häkimiýetleri ýertitremäniň güýjüni 500 atom bombasynyň partlamasy bilen deňeşdirdiler

  • 12.02.2023 17:18
  • 75k+

Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen ýertitreme 500 ýadro bombasynyň ýarylmagyna deňdir diýip, Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) howplary azaltmak boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Orhan Tatar žurnalistlere aýtdy diýip, Anadolu habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

“Birinji ýertitremäniň dowamylylygy 65 sekunt bolup, weýran ediji täsire eýedi. Ikinji ýertitreme bolsa 45 sekuntyň içinde weýran ediji täsiri ýetirdi. Sebit iki minut töweregi güýçli titredi. 7,7 bal ululykdaky ýertitremäniň netijesinde çykan energiýa 500 atom bombasynyň energiýasyna deňdir” – diýip, Tatar belledi.

7,7 we 7,6 bal ululykdaky ýertitremeler 6-njy fewrala geçilýän gije Türkiýe bilen Siriýanyň serhediniň golaýynda bolup geçdi, onuň yzyndan hem birnäçe gowşak sarsgynlar hasaba alyndy. Soňky maglumatlara görä, Türkiýedäki ýertitremäniň pidalarynyň sany 20 müňden gowrak, zyýan çekenleriň sany bolsa 80 müňden gowrakdyr. 6,5 müňe golaý bina ýumruldy. Siriýada hem adam pidalarynyň sany 3 müňden geçýär.


27.06.2026 20:17
6.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......