Realme 10 minutda doly zarýad alyp bilýän smartfon çykardy

  • 11.02.2023 15:45
  • 23k+

Realme 240Wt kuwwatly iň çalt zarýad alýan täze GT Neo 5 smartfonyny hödürledi. Bu barada hytaý öndürijisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Realme GT Neo 5 240Wt 4600 mAs akkumulýator bilen üpjün edilýär, 80 sekuntda 20%, dört minutda 50% zarýad berip bilýär we on minutdan hem az wagtda doly zarýad alýar. Bary-ýogy 30 sekunt zarýad bermek gajetde iki sagatlap gepleşmäge mümkinçilik berýär diýip, Gsmarena profil portaly ýazýar.
GT Neo 5-de 150Wt zarýadly we birneme ulurak 5000 mAs-lik batareýaly has býujetli warianty bar. Soňkusy 16 minutda doly zarýad alýar.
Iki wersiýanyň hem arkasynda ýalpyldawuk gönüburçly özboluşly dizaýny bar. Bu duýduryş görkezijisi bolup hyzmat edip bilýän we dürli goşundylar üçin doly düzülip bilinýän yşyk-diodly indikatordyr. Şeýle hem ol batareýanyň zarýadynyň derejesi 20%-den az bolmadyk ýagdaýynda gyzyl öwüsýär.

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......