Türkmenistanda 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisi geçirildi

  • 10.02.2023 21:02
  • 12k+

Şu gün, 10-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
TmCars.info Hökümet mejlisinden habarlary dykgatyňyza ýetirip durar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......