ABŞ-nyň ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bardy

  • 10.02.2023 12:55
  • 15k+

Penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketine, dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini öňe sürmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan yzygiderli işine aýratyn üns berildi. 
Taraplaryň bilim we medeniýet ulgamynda, ylmy-gözlegler ugrunda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi, goralmagy we rejelenmegi ugrunda işleri dowam etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
ABŞ-niň Ilçihanasynyň maglumat ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, sanly diplomatiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplerine garaldy.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......