Türkmen küştçüsi BAE-de geçen ýaryşda ýeňiş gazandy

  • 10.02.2023 12:27
  • 29k+

Halkara grossmeýster Mähri Geldiýewa Birleşen Arap Emirliklerinde 6-7-nji fewralda geçen küşt boýunça açyk aziýa blis-ýaryşda birinji orny eýeledi. Sport ýaryşyny Halkara küşt federasiýasy, Aziýa küşt konfederasiýasy we BAE-niň tolerantlyk we raýdaşlyk ministrligi gurady diýip, Orient agentligi ýetirýär.

Ýaryşda 89 sany küştçi şweýsar ulgamy boýunça 7 tapgyrda güýç synanyşdylar.
Türkmen küştçüsi iň gowy netijäni görkezip, birinji orny eýelemegi başardy. Ikinji orny Özbegistandan Şahnoza Sabirowa we BAE-den Ahlam Raşed paýlaşdy.
49 ýaşly Mähri Geldiýewa grossmeýster adyny alan Türkmenistanyň birinji küştçüsidir. Häzir ol BAE-de küşt boýunça tälimçi bolup işleýär.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....