Gazagystan daşary ýurtlulary ýurtda hemişelik ýaşamak üçin daşary ýurt pasportynyň bolmagyna borçlandyrdy

  • 10.02.2023 11:16
  • 24k+

Daşary ýurtlularyň Gazagystanda hemişelik ýaşamagy üçin ygtyýarnamany resmileşdirmegiň düzgünlerine üýtgetmeler girizildi. Bu barada Respublikanyň IIM-ine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

“Gazagystan bilen degişli migrasiýa şertnamalary bolan ýurtlaryň raýatlary içerki resminamalar arkaly biziň ýurdumyzda girip, çykyp, üstaşyr geçip, bir ýerden başga ýere göçüp we wagtlaýyn bolup bilerler. Ýöne daşary ýurtlulara Gazagystan Respublikasynda hemişelik ýaşamaga ygtyýarnama almak üçin daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan we olaryň hukuk ýagdaýyny tassyklaýan resminama hökmünde daşary ýurt pasporty zerurdyr” – diýlip, Gazagystanyň IIM-niň Polisia.kz habarlar portalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Şeýle-de, wagtlaýyn ýaşamaga rugsat almak üçin ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň, ynanç haty boýunça onuň adyndan hereket edýän adamyň ýa-da zat eýesiniň notarius tarapyndan tassyklanan razyçylygynyň bolmagy hökmanydyr.
Üýtgetmelere laýyklykda, ygtyýarnama resmileşdirilende görkezilýän salgy hasaba alyş koduna eýe bolmaly.

“Bu çäreler daşary ýurtlularyň ýok salgylara, şeýle-de ýüz tutan adam bilen baglanyşykly bolmadyk salgylara hasaba alynmak mümkinçiligini aradan aýyrmak üçin edilýär” – diýlip, habarda bellenilýär.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......