Gurban Berdiýew Russiýanyň futbolynyň Aziýa geçmek mümkinçiligi barada öz pikirini aýtdy

  • 08.02.2023 13:42
  • 31k+

“Soçiniň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew “RBK Sport” bilen söhbetdeşlikde Russiýanyň Futbol Birleşigine (RFB) Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna (AFK) geçmäge howlukmagyň gerek däldigini aýdyp, öz pikiri bilen paýlaşdy.

“Howlukmagyň zerurlygy ýok. Futbolçylaryň nesliniň ösüp ýetişmegi üçin bir-iki ýyl garaşmaly” – diýip, ol belleýär.

UEFA we FIFA tarapyndan sanksiýalar sebäpli rus klublary we ýygyndylary halkara ýaryşlaryna gatnaşyp bilmeýärler. Geçen ýylyň ahyrynda RFB-niň ýerine ýetiriji komiteti UEFA-dan AFK-a geçmek meselesi bilen meşgullanjak iş toparyny döretdi. Bu topar Aziýa geçmek meselesini, onuň oňyn we oňyn däl taraplaryny öwrener.
Berdiýew karýerasynyň dowamynda Russiýanyň we Aziýanyň futbol klublaryna üstünlikli tälimçilik eden tejribeli hünärmenleriň biridir. Ol Türkmenistanyň (1998/99) we iki gezek Russiýanyň (2008, 2009-njy ýyllar) çempionydyr. Ol AFK we UEFA zolaklarynda birnäçe gezek milli birinjilikleriň kuboklaryna we medallaryna eýe boldy. Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Kazanyň “Rubini” iki gezek Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşdy (2009/10, 2010/11), onuň topary Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna çykmagy başardy (2014). 2009/10-möwsüminde “Rubin” Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda “Barselonany” utdy (2:1).
Ýatlap geçsek, geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda ol “Soçi” klubuna ýolbaşçy boldy. 70 ýaşly tälimçi bilen şertnama 2,5 ýyla niýetlenýär. Ol toparda Wadim Garaniniň ornuna geçdi.


düýn 22:49
3.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......