Ispaniýada kriptowalýuta garaşlylygyndan bejerip başladylar

  • 07.02.2023 08:33
  • 6.2k+

Maýorka adasyndaky (Ispaniýa) The Balance atly saýlama dikeldiş merkezi kriptosöwdasyna garaşlylykdan bejergi hödürläp başlady. Bi-bi-si-niň maglumatlaryna salgylanyp, rbc.ru saýtynyň bellemegine görä, terapiýany, massažy, ýogany we gezelenji öz içine alýan bejergi 4 hepde dowam edip, takmynan, 75 müň dollara barabar bolar.

Habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, lukmançylyk edaralary soňky iki ýylyň dowamynda bu mesele boýunça ýüzlerçe arza kabul etdiler we indi dikeldiş merkezleriniň köpüsi şeýle hyzmatlary hödürläp başlady. Şol bir wagtyň özünde hünärmenler kriptogaraşlylygyň humarly oýunlara garaşlylyk bilen meňzeşdigini we olary bejermegiň usullarynyň biri-birinden kän tapawutlanmaýandygyny belleýärler.
Nýu-Ýorkyň “Family Addiction Specialist” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aaron Sternlihtiň aýtmagyna görä, kriptowalýuta söwdasynyň küýüne düşenler oňa “durmuşynda tolgunma we lezzet çeşmesi” hökmünde ýygy-ýygydan ýüz tutup başlaýarlar. Ol şeýle bozulmanyň alamatlary hökmünde uky kynçylyklaryny, günüň islendik wagty kriptowalýuta bahalaryna gözegçilik etmek islegini, gatnaşyklaryň, karýeranyň we bilimiň zyýanyna söwda etmegi belledi.
Ispaniýanyň dikeldiş merkezi kriptowalýuta söwdasyna ymtylmalardan kömek edýän ilkinji merkez däldir. Şotlandiýanyň Castle Craig Hospital hassahanasy heniz 2018-nji ýylda kriptosöwda garaşly bolanlar üçin stasionar bejeriş kursuny işläp düzdi. Bu programma humarly oýunlara garaşlylygy bejerişiň bar bolan usullaryna esaslanýar.


31.05.2026 00:28
5.2k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

22.06.2025 19:28
8.3k+

Ispaniýada saç ekilmeginiň ornuny tutup biljek derman döretdiler

Ispaniýaly barlagçylar androgenetik alopesiýaly (erkek adamlaryň saçynyň dökülmegi bilen deň) laboratoriýa syçanlarynda tüý örtüginiň doly dikeldilmegini gazandylar. Bu üstünlik saç dökülmegine garşy täze dermanlar üçin esas bolup biler diýip, New-York Post ýazýar...

13.10.2022 17:40
34k+

Ýogalan adamyň içegesini diri adama oturtmak boýunça dünýäde ilkinji gezek operasiýa geçirildi

Madriddäki La-Pas ispan Uniwersitet hassahanasynyň hünärmenleri ýogalan adamyň içegesini diri adama oturtmak boýunça dünýäde ilkinji üstünlikli operasiýany amala aşyrdylar. Bu barada sişenbe güni «Kadena CEP» radiostansiýasy...

düýn 07:25
4.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......