Beýonseniň täze syýahat konsertine petek almak üçin 15 million adam nobata durdy

  • 06.02.2023 19:14
  • 32k+

Beýonseniň Renaissance World Tour diýlip atlandyrylýan täze dünýä syýahat konsertine isleg bildirýänleriň sany birnäçe günüň içinde elýeterli petekleriň sanyndan geçdi. Onlaýn satuw üçin nobatda eýýäm 15 million adam bar. Bu barada Beyonce News profilinde petek satýan Live Nation Entertainment-iň baş direktoryna salgylanyp, Twitterde habar berildi.

Häzirki wagta çenli islegiň ýokarylygy sebäpli petekleri diňe deslapky hasaba alyşdan we nobata duruşdan soň satyn alyp bolýar.
Birnäçe gün ozal Beýonse Renaissance World Tour diýlip atlandyrylýan bäş ýyldan soňky ilkinji dünýä syýahatyna başlajakdygyny mälim etdi. Syýahat 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Stokgolmda çykyş bilen başlar we 27-nji sentýabrda Täze Orleanda konsert bilen tamamlanar. Aýdymçy Fransiýada, Germaniýada, Beýik Britaniýada, Niderlandlarda, Ispaniýada we Polşada çykyş eder. Umuman, sanawda Ýewropanyň 15 şäheri, ABŞ-nyň we Kanadanyň 20 töweregi şäheri bar. 

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
10k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......