Razer dünýäde iň ýeňil oýun syçanjygyny çykardy

  • 06.02.2023 15:39
  • 13k+

Professional oýun enjamlaryny öndürmeklige ýöriteleşen Razer kompaniýasy, Viper Mini Signature Edition oýun syçanjygyny görkezdi. Işläp taýýarlaýjy täze önümini bazardaky şeýle enjamlaryň içinde iň ýeňil gurluş diýip atlandyrýar diýip, Hypebeast ýazýar.

Syçanjygyň agramy bary-ýogy 49 gram. Viper Mini Signature Edition-yň tapawutly aýratynlygy ýokary hilli magniý garyndysyndan balary öýjügi görnüşinde ýasalan korpusynyň gurluşyndadyr. Ol plastmassa garanyňda has berk we çydamly hasaplanýar, ýöne şol bir wagtyň özünde titandan ep-esli ýeňildir.

“Biz adaty balary öýjüginiň dizaýnyndan çykmak isledik, munuň üçin iň amatly berklik-agram gatnaşygy bolan material gerekdi. Plastmassa, uglerod süýümine we hatda titaniuma baha beremizden soň, ajaýyp aýratynlyklary bolany üçin ahyrda magniý garyndysyny saýladyk "- diýip, Razer-iň dizaýnynyň senagat bölüminiň başlygy Çarli Bolton düşündirdi.

Oýun syçanjygynda Razer Focus Pro 30K optiki datçigi, 4000 Gs- çenli ses tizligi bolan HyperPolling Wireless we 90 minutlyk çalt zarýad bermek ulgamyny öz içine alýan iň täze tehnologiýalary ulanyldy.
Razer Viper Mini Signature Edition syçany 11-nji fewraldan başlap 280 dollar bahadan diňe Razer saýtynda elýeterli bolar.

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
10k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......