«Awataryň» dowamynyň täze maglumatlary aýan edildi

  • 06.02.2023 12:36
  • 12k+

«Awataryň» prodýuseri Jon Landau franşizanyň indiki üç filmi barada käbir maglumatlary aýan etdi.

Onuň sözlerine görä, Una Çaplin (“Tagtlaryň oýny”) “Awatar 3-de” baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetirer. Ol aktýor Çarli Çapliniň agtygydyr we filmde Nawi neberesinden bolan Kül adamlaryň söweşjeň we zalym taýpasynyň baştutany bolar. Trikwel üçin ähli materiallary režissýor Jeýms Kemeron öňünden düşürdi. Filmi 2024-nji ýylyň dekabrynda  goýbermek meýilleşdirilýär.
Dördünji film "uly wagt böküşini" eder, bäşinji "Awataryň" hereketleri bolsa Pandoradan ilatyň köpelmeginden we tebigy baýlyklaryň azalmagyndan ejir çekýän Ýere geçer. Filmleriň sikwelleri degişlilikde 2026-njy we 2028-nji ýyllarda görkeziler.
Franşizanyň ikinji filmi “Awatar: Suwuň ýoly” şu wagta çenli dünýäde 2,129 milliard dollar girdeji gazandy. Bu tutuş taryhda iň köp girdejili dördünji netijedir.

şu gün 10:41
593

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.6k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9.3k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......