MMA Fighting Fýodor Ýemelýanenkonyň Beýder bilen söweşi üçin gazanan puluny aýtdy

  • 06.02.2023 12:26
  • 55k+

Russiýaly söweşiji Fýodor Ýemelýanenko Inglwudda (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) geçirilen Bellator 290 turnirinde amerikaly Raýan Beýdere garşy söweşi üçin 100 müň dollar gazandy. Bu barada Kaliforniýa ştatynyň Atletika komissiýasyna salgylanyp, MMA Fighting habar berýär. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

Agyr agramda promouşeniň çempiony titulyny goran Beýder 150 müň dollar aldy.
Bellenilişi ýaly, bu mukdarlar promouşeniň hasabatynda görkezilýär, ýöne türgenleriň umumy gazanjy hemaýatkärlik tölegleriniň netijesinde görkezilenden ýokary bolup biler.
Ýemelýanenko birinji raundda amerikalydan nokaut arkaly ýeňildi we şondan soň MMA-da karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi.
Beýder Ýemelýanenkony iki gezek ýeňmegi başaran ilkinji söweşiji boldy. Garşydaşlaryň ilkinji söweşi 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Bellator Gran-prisiniň finalynda geçirildi we Ýemelýanenko birinji raundyň 35-nji sekuntynda nokaut bilen ýeňildi.


17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.2k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...