Konor Makgregor Maýkl Çendlere garşy söweş bilen UFC dolanar

  • 05.02.2023 12:38
  • 33k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) iki agram kategoriýasynda öňki çempiony irlandiýaly Konor Makgregor UFC-ä gaýdyp gelip, amerikaly Maýkl Çendlere garşy söweşer. Bu barada promouşeniň prezidenti Dana Uaýt aýtdy diýip, TASS belleýär.

“Biz Ultimate Fighter 31 tälimçilerini [realiti-şouda] yglan etmek isleýäris: Konor Makgregor we Maýkl Çendler tälimçiler hökmünde biri-biri bilen söweşer. Möwsüm 30-njy maýdan 15-nji awgusta çenli dowam eder. Möwsümiň ahyrynda Makgregor we Çendler biri-biri bilen söweşer, söweşiň takyk senesi we geçiriljek ýeri heniz belli däl, ol ýakyn wagtda yglan ediler” – diýip, Uaýt aýtdy.

Makgregor 34 ýaşynda, ol garyşyk başa-baş söweşde 22 ýeňiş gazanyp, 6 ýeňlişe sezewar boldy. UFC-niň ilkinji titulyna 2015-nji ýylda eýe boldy, soňrak irlandiýaly guramanyň taryhynda bir wagtyň özünde dürli agram kategoriýalarynda (ýarym ýeňil we ýeňil) iki titula eýe bolan ilkinji söweşiji boldy. 2021-nji ýylyň iýul aýynda geçen amerikaly Dastin Porýe garşy soňky söweşinde Makgregor aýagyny döwdürdi.
Çendler 36 ýaşynda, onuň hasabynda garyşyk başa-baş söweşde 23 ýeňiş we 8 ýeňliş bar.


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......