Güne Kilimanjaronyň ululygyndaky kometa golaýlaşýar

  • 04.02.2023 17:50
  • 19k+

Ýupiteriň maşgalasyndan bolan 96P/Machholz 1 atly äpet kometa Güne ýakynlaşýar. Alymlaryň pikiriçe, ol ýarym asyrdan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek Güne mümkin boldugyça ýakynlaşar. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Asman jisiminiň esasy aýratynlyklaryndan biri onuň äpet ölçegidir. Kometanyň ini takmynan 6 km, ony Afrikanyň iň beýik nokady Kilimanjaro dagynyň ölçegleri bilen deňeşdirip bolar. Ondan hem başga, 96P/Machholz 1 uglerodynyň azlygy we himiki sianogeniň garaşylýan derejesiniň 1,5%-den az bolmagy bilen tapawutlanýar. Hut şu faktorlar hem alymlara älem obýektiniň başga bir planeta ulgamyndan diýen netijä gelmäge mümkinçilik berdi.
Asman jisimleriniň köpüsiniň Güne ýakynlaşanda ýanýandygy hem az gyzyklandyrmaýar, ýöne bu kometa uçursyz uludygy sebäpli hiç hili zyýan ýetmän, bitewiligine galýar. Gözegçilikleriň tutuş taryhynda ol Günüň deňinden eýýäm bäş gezek geçdi: 1996, 2002, 2007, 2012 we 2017-nji ýyllarda.
Obýekt häzirki wagtda Ýewropa kosmos gullugynyň Gün we geliosfera obserwatoriýasynyň (SOHO) kosmos korably tarapyndan gözegçilik astynda saklanýar. “96P düzümi we özüni alyp barşy taýdan adaty bolmadyk kometadyr. Şol sebäpli biz ondan nämä garaşmalydygyny asla bilemzok "- diýip, Waşingtondaky Harby-deňiz gözleg barlaghanasynyň astrofizigi Karl Battams aýdýar.

şu gün 16:56
832

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1.1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....