Beýonse soňky 5 ýylda dünýäde ilkinji konsertini berer

  • 04.02.2023 17:39
  • 13k+

Beýonse Renaissance World Tour atly halkara konsert syýahatyna başlajakdygyny mälim etdi. Aýdymçy bu barada özüniň Instagram profilinde gürrüň berdi.

Artistiň resmi saýtynda aýdylyşyna görä, syýahat 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Stokgolmdan başlanar we 27-nji sentýabrda Täze Orleanda konsert bilen tamamlanar. Aýdymçy Fransiýada, Germaniýada, Beýik Britaniýada, Niderlandlarda, Ispaniýada we Polşada çykyş eder. Şol bir wagtyň özünde saýtdan petek satyn almak mümkin däl. Görnüşine görä, ýüz tutýanlaryň aşa köplügi sebäpli, saýt agrama çydap bilmeýän bolarly.
Bu Beýonseniň soňky bäş ýylda ilkinji dünýä syýahaty bolar. Iň soňky sapar 2018-nji ýylda On the Run II syýahaty bolupdy. Şonda, CNN-iň habaryna görä, aýdymçy Demirgazyk Amerikada we Ýewropada 48 konsert beripdi.
Tizara täze syýahatyň bildiriş ediljekdigi baradaky myş-myşlar Beýonseniň Dubaýda Atlantis The Royal myhmanhanasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşyndan soň başlandy. ArabianBusiness-iň habaryna görä, aýdymçy şol sapary üçin 24 million dollar alypdyr.
Aýdymçynyň Renaissance  atly soňky albomy 2022-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda çykdy.

şu gün 10:41
593

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.6k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9.3k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......