Coca-Cola-nyň ilkinji smartfonynyň tanyşdyrylyşy 10-njy fewralda geçiriler

  • 04.02.2023 16:13
  • 15k+

Gizmochinanyň habaryna görä, Coca-Cola markaly ilkinji smartfonyň birinji görkezilişi 10-njy fewralda bolar. Realme 10 Pro 5G modeliniň ýörite wersiýasy bolan täze gajetiň dizaýny we esasy aýratynlyklary eýýäm belli.

Gurluşyň suraty bilen ilkinji tanyşdyrylyş bildirişi gazly suw öndürijisi bilen hyzmatdaşlyga giren Hytaýyň Realme kompaniýasynyň saýtynyň hindi wersiýasynda peýda boldy. Suratdan çen tutsaň, täze gurluşyň korpusynyň arka tarapy gara we gyzyl reňkde, Realme we Coca-Cola şereket nyşanly bolar. Mundan başga-da, amerikan korporasiýasynyň relýefli logotipi enjamyň gapdalynda hem peýda bolar.
Realme 10 Pro Coca-Cola Edition-yň resmi aýratynlyklary henizem gizlin saklanýar, ýöne smartfonyň tehniki bölegi adaty gurluşyňkydan tapawutlanmaz diýlip çaklanylýar. Şeýlelikde, gurluş Full HD + razreşeniýeli 120 Gs täzelenme tizligi bilen 6,72 dýuýmlyk displeý alar.
Işleýşine sekiz ýadroly Snapdragon 695 prosessory we 6GB / 8GB RAM, şeýle hem Realme UI 4.0 gabygy bolan Android 13 operasion ulgamy jogap berer. Enjamyň gapdalynda barmak yzy skaneri göz öňünde tutulan. Esasy kamera çuňlugy 2 Mp datçigi bilen bilelikde işleýän 108 megapiksel sensor bilen görkezilýär. Öň kamerasy selfi üçin 16 MP.

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......