Mersedes-Benz GLE we GLE Coupe 2024 hödürlenildi

  • 02.02.2023 13:47
  • 30k+

Mersedes-Benz kompaniýasy 2024-nji ýylda öndürilen Mersedes-Benz GLE we GLE Coupe orta ölçegli krossowerleriniň täzelenen görnüşlerini hödürledi.

Bilelikdäki metbugat habarnamasynda  täze gündizki yşyklaryna üns çekilýär. Gözenekdäki “Mersedes” nyşanynyň iki gapdalynda täze hromlanan bezegi bar. Şeýle hem öňdäki bamperi üýtgedilip, yzky yşyklaryň içki elementleri täzelendi. Kuzowynyň täze reňkleri (metallik mawy  we alp çal), tekerleri 20-den 22 dýuýma çenli. Bu ýyl üçin täzelik - “Mersedes” nyşanly daşky yşyklandyryşyň animirlenen proýeksiýasy.
Transmissiýa üýtgeşmeleri ähli modellerde ýumşak gibrid tehnologiýasyny ulanmagy öz içine alýar. 381 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bilen birlikde“Mersedes”-iň 2.0 litrlik turbo görnüşli  hereketlendirijisi ulanylýar.
GLE 53 programma üpjünçiliginiň täzelenmesini we has uly turbo güýçlendirijini aldy, netijede aýlanýan pursadyň artmagyna şert döredi. Bu bat almagyň wagtyny  gysgaldyp,  5 sekuntda 100 km / sag-a çykyp bolýar.
2024-nji ýylyň üýtgedilen  Mersedes-Benz GLE-y we GLE Coupe-y, şol sanda AMG 53 we AMG 63 görnüşleri hem şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....