Hytaý yzygider 13-nji ýyl dünýäniň iň uly gämi gurluşykçysy bolmagynda galdy

  • 02.02.2023 13:19
  • 10k+

HHR-iň gämi gurluşyk senagaty geçen ýyl on üçünji ýylyň jemi boýunça dünýäde öňdebaryjy ornuny saklady. Bu barada ýurduň Senagat we informasiýa tehnologiýasy ministrligi habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

2022-nji ýylda ýurtda umumy dedweýti 37,86 mln tonna bolan gämileriň gurluşygy tamamlandy. Şeýlelikde, dünýäde gurlan ähli gämileriň 2021-nji ýyldaky 47,2%-ine garşy 47,3%-i Hytaýyň paýyna düşdi. 
Geçen ýyl HHR-de gämi gurmak üçin täze sargytlaryň umumy dedweýti  45,52 mln tonna barabar boldy. Dünýädäki ähli täze sargytlaryň 55,2%-i Hytaýyň paýyna düşdi.
Dekabr aýynyň ahyrynda Hytaýyň gämi gurluşyk kompaniýalarynyň umumy sargyt göwrümi 105,57 mln tonna dedweýte ýetdi. Bu görkeziji boýunça Hytaý umumy global görkezijiniň 49%-ini eýeledi diýip, Sinhua agentligi habar berýär.
Ministrlik geçen ýyl Hytaýyň alty kompaniýasynyň dünýäniň iň uly gämi gurluşykçylarynyň onlugyna girendigini belledi. 2022-nji ýylda Hytaý kompaniýalary suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) daşaýjy tankerler üçin 55 sargyt aldy, bu bolsa dünýädäki umumy mukdaryň 30%-inden ýokary bolup, ýurt üçin rekord görkezijidir.
HHR-iň iň uly gämi gurluşyk kompaniýasy bolan China State Shipbuilding Corp.-yň golçur kärhanasy Hudong-Zhonghua Shipbuilding (Group) Co. 2023-nji ýylda dokuz sany STG tankeri gurmaga başlamagy we sargyt edijilere şeýle gämiden dördüsini ibermegi meýilleşdirýär.


12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

28.04.2026 15:24
11k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

19.04.2026 13:14
3.6k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......