Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 02.02.2023 09:15
  • 46k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Belläp geçsek, Peşewar şäherindäki metjitde duşenbe güni, 30-njy ýanwarda ýerli wagt bilen 13:40-da (13:40 aşg wagty) öýle namazy wagtynda partlama bolup geçdi. Terrorçylyk zerarly aradan çykanlaryň sany 100 adama ýetdi, azyndan 225 adam şikes aldy diýip, 31-nji ýanwarda Associated Press agentligi ýazdy. 2,3 mln ilaty bolan şäherde terrorçylykly hadysa şäheriň iň goragly etraplarynyň birinde bolup geçdi. Ýerli häkimiýetleriň bellemegine görä, partlama wagtynda metjitde 300-den gowrak adam bardy.


17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

20.03.2026 12:19
13k+

Pakistany güýçli harasat gaplady

«Pakistanyň Karaçi şäherini örän güýçli harasat gaplap aldy» diýip, Euronews habar berýär. Güýçli ýagyş we şemal bilen gelen zabun howanyň netijesinde azyndan 19 adam pida boldy, köp sanly ýaşaýjy bolsa dürli şikese uçrady...

05.01.2026 11:44
9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...