«Awatar: Suwuň ýoly» taryhda iň girdejili dördünji film boldy

  • 30.01.2023 13:21
  • 9.9k+

Jeýms Kemeronyň «Awatar: Suwuň ýoly» blokbasteri resmi taýdan dünýä taryhynda 2,075 milliard dollar girdeji gazanan dördünji film boldy. Taslama girdejisi boýunça «Ýyldyz söweşleriniň» «Güýjüň oýanmagy» (2,064 milliard dollar) atly ýedinji bölüminden öňe geçmek başartdy.

Ondan öň sikwel «Möý-adam: Öýe ýol ýok» we «Ar alyjylar: Tükeniksizligiň urşy» filmlerini yzda galdyrypdy. Häzirki wagtda Kemeronyň filmleri iň köp girdeji gazanan taslamalaryň dörtlüginde üç setiri eýeleýär: ilkinji “Awatar” (2,92 milliard dollar) öňdäki orny eýeleýär, “bürünç” henizem “Titanik”-de (2,2 milliard dollar).
ABŞ-da “Awatar” sikweli 608 million dollar gazanyp, ýedi hepdeläp (birinji bölüm ýaly) rekord derejede birinji ýerde galdy. Halkara sebitler girdejä 1,467 milliard dollar goşdy.
Seljerijiler "Suwuň ýolunyň" aşyklar Rouz we Jeki üçünji ýerden göçürmek üçin hakyky mümkinçiligiň bardygyna ynanýarlar. “Titanik” filmiň 25 ýyllygy mynasybetli 14-nji fewralda ABŞ-da prokata gaýtadan çykarylar.

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......