Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak meselesi öwrenilýär

  • 27.01.2023 08:44
  • 37k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

R.Meredowyň bellemegine görä, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Ýaşlar bilen bagly wezipeler Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda ýaşlaryň meseleleri boýunça Bütindünýä kongresi hereket edýär. BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri hem bu meseleler bilen meşgullanýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek teklip edilýär. Onuň esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Şeýle hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Ýaşlar ylmy ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokarda agzalan Strategiýada Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak teklip edilýär. Mundan başga-da, bu Strategiýanyň taslamasyna medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri girizmek maksat edinilýär. Hususan-da, “Ýaş zehinler” atly maksatnamany taýýarlamak we ony beýleki ýurtlaryň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Sport barada aýdylanda, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......