Türkmenistanda fewral aýynda meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy düzüldi

  • 27.01.2023 08:35
  • 21k+

2023-nji ýylyň fewral aýynda ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere, şu ýylyň şygaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan maslahatlary, söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, aýdym-sazly dabaralary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Çäreleriň maksatnamasy barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler geçiriler. 10-njy fewralda Döwlet çeperçilik akademiýasynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklaryndaky konserti guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem 12 — 14-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini, 15 — 17-nji fewralda bolsa EYR-nyň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......