Jastin Biber öz eserlerine bolan hukugyny 200 million dollara satdy

  • 26.01.2023 12:39
  • 17k+

Jastin Biber öz eserlerine bolan awtorlyk hukugyny Hipgnosis Song Management we Blackstone maýa goýum gaznasynyň bilelikdäki kärhanasy bolan “Hipgnosis Songs Capital” iňlis kompaniýasyna satmak barada şertnama baglaşdy. Bu barada sişenbe güni Billboard habar berdi.

Neşiriň çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, bu şertnamanyň bahasy takmynan 200 million dollar töweregi bolupdyr. Şertnama görä, artist 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryndan öň çykan ähli eserlerine, şol sanda Justice ("Adalat") atly soňky albomyna 100% awtorlyk hukugyny berýär.
Jastin Biber 2010-2021-nji ýyllar aralygynda alty sany studiýa albomyny çykardy. Mundan başga-da, onuň birnäçe singli bar. Üstesine aýdymçy 2010-njy ýylda “Bakylyga ilkinji ädim: meniň hekaýatym” atly terjimehal häsiýetli kitabyny hem çap etdirdi.

şu gün 16:13
941

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.1k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.9k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......