Londonyň ululygyndaky aýsberg Antarktidada bölünip aýryldy

  • 26.01.2023 12:09
  • 23k+

Ululygy London şäheri bilen deňleşýän ägirt aýsberg Antarktidada Brant şelfinden döwlüp aýryldy. Bu barada Britaniýanyň antarktiki gullugy (The British Antarctic Survey, BAS) tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.

Onuň maglumatlaryna görä, takmynan, on ýyl mundan ozal hünärmenler Ueddella deňziniň golaýyndaky Kouts Ýeri kenarýakasy bilen serhetleşýän Brant buz şelfinde emele gelen jaýryklary öwrenip başladylar. 2016-njy ýylda aýsbergiň ýakyn wagtda bölünip aýryljakdygy baradaky çaklamalary göz öňünde tutup, britan polýar stansiýasy Halley kontinentiň jümmüşine 23 km süýşürildi.
Ýöne meýdany, takmynan, 1 550 inedördül km we galyňlygy 150 metre golaý bolan aýsberg şelfde saklanmagyny dowam etdi. BAS-yň maglumatlaryna görä, ägirt uly buz böleginiň gutarnykly bölünip aýrylmasy 22-nji ýanwarda bütindünýä koordinirlenen wagt boýunça 19:00 bilen 20:00 aralygynda bolup geçdi.
BAS-yň hünärmenleri bu ýagdaýy klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrman, antarktiki şelfiň tebigy özüni alyp barşy bilen düşündirýärler.


18.02.2026 09:22
4.4k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

22.12.2025 14:55
10k+

Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA

2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi...

02.09.2025 18:52
12k+

Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi...

05.06.2025 10:12
10k+

Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady

Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi  Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi...