Nokia we Samsung 5G boýunça täze patent ygtyýarlandyryş şertnamasyna gol çekdi

  • 24.01.2023 15:21
  • 7.6k+

Finlýandiýanyň Nokia telearagatnaşyklar kompaniýasy Günorta Koreýanyň Samsung korporasiýasy bilen 5G-niň patentlerini ygtyýarlandyrmak hakynda  täze köp ýyllyk şertnamany baglaşdy. Bu barada duşenbe güni kompaniýanyň saýtynda çap edilen metbugat beýanatynda habar berildi.

"Samsung smartfon pudagynda öňdebaryjydyr we olar bilen dostlukly şertnama baglaşanymyza begenýäris" - diýip, fin kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jenni Lukander mälim etdi.

Kompaniýalaryň arasyndaky öňki şertnamanyň möhleti  2022-nji ýylyň ahyrynda tamamlandy. Jikme-jiklikleri gizlin saklanýan täze şertnama, Nokia-nyň 5G patentlerini we beýleki tehnologiýalaryny ulanmak üçin Samsung-a geçirilmeli tölegleri düzgünleşdirýär. Ol 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda hereket edip başlady.
Nokia ykjam, durnukly, giň zolakly we IP torlary üçin telearagatnaşyk enjamlaryny öndürýär. Kompaniýanyň paýnamalary Maýn boýundaky Frankfurtyň, Nýu-Yorkuň we Helsinkiniň gazna biržalaryna ýerleşdirilendir.


17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......