«Awatar 2-niň» girdejisi 2 milliard dollardan geçdi

  • 23.01.2023 11:51
  • 11k+

Geçen dynç günleri «Awatar: Suwuň ýoly» filminiň girdejisi 2 milliard dollardan geçdi.  Bu netijä ýetmek üçin filme on ýyl mundan ozal birinji filmden ýedi gün az geçdi. Bu hepde eýýäm sikwel «Ar alyjylar: Tükeniksizligiň urşy» filminden öňe geçmeli we kinonyň taryhynda iň köp girdeji gazanan filmleriň arasynda ynamly bäşinji orny eýelemeli.

Geçen dynç güni «Suwuň ýoly» dünýäde 56,3 million dollar töweregi girdeji gazandy. Başdan geçirmeleriň umumy halkara girdejisi 1,426 milliard dollar, dünýädäki umumy girdejisi bolsa 2,024 milliard dollar boldy diýip bilermenler baha berýärler.
Şeýle hem dünýäde «Awatar: Suwuň ýoly» filmi üçin satylan petekleriň 61 göteriminiň 3D görnüşinde bolandygy mälim boldy. Diňe 3D görkezişlerden gelen girdeji filmiň umumy kassa ýygymynyň 1,16 milliard dollaryny düzdi.

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.9k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......