«Taliban» TOPH gaz geçirijisiniň goragy üçin ýörite güýçleri döretmäge taýýardygyny mälim etdi

  • 22.01.2023 16:43
  • 28k+

Owganystanda Häkimiýete eýelik edýän “Taliban” hereketi transmilli TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýörite güýçleri döretmäge taýýardygyny mälim etdi.

"Owganystan Yslam Emirliginiň gaýtadan dikeldilmegi bilen ýurtda howpsuzlyk doly üpjün edildi, bu häzir, öňkülere garanda, taslamany durmuşa geçirmek üçin has köp mümkinçilik döredýär "- diýip,  "Taliban" hökümetiniň ykdysady meseleler boýunça wise-premýeriniň apparatynyň beýanatynda aýdylýar.

"Zerur halatynda Yslam Emirligi taslamany goramak üçin ýörite güýçleri döretmäge taýýardyr. Owganystan Yslam Emirligi ýurdy täzeden dikeltmegi we ykdysady infrastrukturany janlandyrmagy öz borjy hasaplaýar we syýasy, howpsuzlyk we ykdysady taýdan sebiti gülläp ösdürmek sebite agza ýurtlaryň umumy jogapkärçiligidir "- diýip beýanatda aýdylýar.

17-nji ýanwarda TOPH-nyň - Pipeline Company Limited-iň  (TPCL) baş müdiri Muhammetmyrat Amanow Türkmenistanyň wekiliýetine baştutanlyk edip, Kabulda hereketiň güýç blogunyň ýolbaşçylary: "Talibanyň" Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň we Baş aňtaw müdirliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

"Içeri işler ministrliginiň Jemgyýetçilik goragy departamentiniň müdiri Mawlawi Hamas çykyşynda TOPH taslamasynyň owgan halky üçin örän wajypdygyny we Yslam Emirligi onuň howpsuzlygyny üpjün etmekde elinden gelenini gaýgyrmajakdygyny aýtdy" - diýip, "Talibanyň" Içeri işler ministrliginiň metbugat merkezi habar berdi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......