«Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok» filmi BAFTA baýragy üçin 14 ugur boýunça dalaşgärligi aldy

  • 22.01.2023 16:38
  • 15k+

Nemes režissýory Edward Bergeriň «Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok» (2022) atly harby dramasy Britaniýanyň kino we telewideniýe sungaty akademiýasy (BAFTA) tarapyndan berilýän Beýik Britaniýanyň baş kino baýragyna dalaş edýän ugurlarynyň sany boýunça öňdelikçi boldy. Penşenbe güni Londonda habar berlişi ýaly, kino 14 kategoriýada ýeňiji bolmaga dalaş edýär.

Erih Mariýa Remarkyň (1898-1970) adybir romany esasynda döredilen iki sagatlyk film “Iň gowy film”, “Iň gowy iňlis dilli däl film”, “Iň gowy režissýorlyk işi”, “Iň gowy  uýgunlaşdyrylan ssenariýa”, “Ikinji plandaky iň gowy aktýor” , "Iň oňat kasting", "Filme ýazylan iň gowy saz", "Iň gowy operatorlyk işi", "Iň gowy montaž" diýen ugurlar boýunça dalaşgär görkezildi. Film "bürünç nykaplary" suratkeş-filmi goýujynyň işi, geýim dizaýny, makiýaž we saç timarlamasy, ses, wizual effektler üçin hem alyp biler.
Martin Makdonanyň “Inişeriniň banşisi” (2022) hem-de Den Kwan bilen Deniel Şaýnertiň “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (2021) filmleri baýraga dalaş edýän ugurlarynyň sany boýunça ikinji ýeri eýeleýärler. Bularyň hersi “Iň gowy film”, “Iň gowy režissýorlyk işi”, “Iň oňat ssenariýa” ýaly abraýly ugurlary öz içine alýan 10 kategoriýada ýeňiji bolmaga dalaş edýärler.
Baz Lurmanyň “Elwis” filmi  (2022) dokuz nominasiýa, Todd Fildiň “Tar” (2022) filmi bolsa 5 nominasiýa aldy.
76-njy "bürünç nykaplar" baýrak gowşurylyş dabarasy ýene takmynan bir aýdan - 19-njy fewralda geçiriler.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....