2022-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň nyrh möçberi 51% ýokarlandy

  • 22.01.2023 01:01
  • 20k+

2022-nji ýylda Hytaýa turba bilen geçirilýän türkmen gazynyň nyrh möçberi 51% ýokarlanyp, 10,25 milliard dollar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük gullugy anna güni habar berdi.

Hytaýa turba bilen geçirilýän gazy satýan döwletleriň arasynda Türkmenistan öňküsi ýaly birinji ýerde durýar. Russiýa 2022-nji ýylda 3,98 milliard dollar we 2,63 esse ösüş görkezijisi bilen ikinji ýerde durýar.
Ondan soň Mýanma (1,3% artyp, 1,43 milliard dollara çenli), Gazagystan (4% azalyp, 1,08 milliard dollara çenli) we Özbegistan (takmynan 33,9% artyp 1,07 milliard dollara çenli) gelýär.
HHR-iň Baş gümrük gullugy turba bilen geçirilýän gazyň iberilişiniň fiziki mukdaryny görkezmeýär.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...