Memfis Depaý «Barselonadan» «Atletiko» geçdi

  • 21.01.2023 16:45
  • 11k+

Niderlandly hüjümçi Memfis Depaý «Barselonadan» Madridiň «Atletikosyna» geçdi. Bu barada anna güni madridli toparyň metbugat gullugy habar berdi.

28 ýaşly hüjümçi bilen baglaşylan şertnama 2,5 möwsüme niýetlenendir. Transferiň bahasy 3 million ýewro + 1 million ýewro bonus boldy.
Depaý 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri “Barselonada” oýnap, bu döwürde topar üçin 42 gezek çykyş etdi, 14 gol geçirdi, 2 gezek netijeli pas berdi. Şeýle hem ol fransuzlaryň "Lionynda", iňlisleriň "Mançester Ýunaýtedinde" we niderlandlaryň PSW-sinde oýnady. Ol Niderlandlaryň çempiony, Angliýanyň kubogynyň we Ispaniýanyň Super kubogynyň eýesi. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň düzüminde 86 oýunda 43 gol geçirdi, 2014-nji ýylda ol dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe boldy. Transfermarkt portaly hüjümçini 20 million ýewro diýip bahalandyrýar.
«Atletiko» 28 utuk bilen 17 tapgyrdan soň Ispaniýanyň ligasynda dördünji orunda barýar. Barselona 16 oýundan soň 41 utuk bilen öňde barýar.


06.06.2026 10:24
5.7k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......