Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumy öz işine başlady

  • 19.01.2023 17:19
  • 15k+

Şu gün, 19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-russiýa işewürler geňeşi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Rus wekiliýetiniň düzüminde — Hökümet agzalary, RF-niň Prezidentiniň administrasiýasynyň we Federal ýygnagyň Döwlet dumasynyň, şeýle hem dürli edaralaryň — Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Senagat we söwda ministrliginiň, Sanlylaşdyrma ministrliginiň, Bilim we ylym ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Gurluşyk ministrliginiň, Russiýa eksport merkeziniň we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bar.
Şeýle hem forumyň wekilleriniň hatarynda — Astrahan, Belgorod we Çelýabensk oblastlarynyň, Dagystanyň, Tatarystanyň, Sankt-Peterburgyň ýolbaşçylary, şeýle hem 30-a golaý kompaniýalaryň we işewür düzümleriň wekilleri bar.
Forum iki ýurduň wekiliýetleriniň bir wagtda iki sany «tegelek stol» duşuşygy bilen başlandy. Olaryň birinde senagat kooperesiýasy we gurluşyk önümçiligi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, beýlekisinde bolsa, innowasion we maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýeti sanlylaşdyrma ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Russiýanyň ulag-logistika toplumynyň özara gatnaşyklarynyň tendensiýalaryna we ugurlaryna bagyşlanan duşuşyk geçiriler. Forumyň gün tertibinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşylar.
Agşam Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustiniň gatnaşmagynda forumyň plenar mejlisi geçiriler.
Mejlisiň esasy mowzugy — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri. Bu mowzuk boýunça şeýle hem iki ýurduň ykdysadyýet ministrleri, pudak ýolbaşçylary, iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş eder.
Anna güni forum öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet we hususy taraplarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Şeýle hem Türkmen-russiýa we Russiýa-türkmen işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisi, ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek hem-de russiýaly öndürijiler üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda-sergi meýdançasynyň açylyşy meýilleşdirilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......