Nepalda 72 adamly ýolagçy uçary heläkçilige uçrady

  • 16.01.2023 09:02
  • 50k+

15-nji ýanwarda bortunda 72 sany adam bolan ýolagçy uçary Nepalyň Pokhara howa menziliniň golaýynda heläkçilige uçrady diýip, Associated Press agentligi Kathmandu Post neşirine salgylanyp habar berýär.

Uçaryň degişli bolan Yeti Airlines awiakompaniýasy uçardaky ähli adamlaryň aradan çykandygyny tassyklady.
Nepalyň häkimiýetleri duşenbe gününi Pokhara şäherinde awiaheläkçiligiň pidalarynyň hormatyna Umumymilli matam güni diýip yglan etdi diýip, hindi metbugaty habar berýär.

Yeti Airlines awiakompaniýasynyň ýurduň paýtagty Katmandudan Pokhara (paýtagtdan 200 km günbatarda) ýerine ýetiren bu gatnawynda 72 adam, şol sanda 68 ýolagçy we 4 sany ekipaž agzalary bardy.
Deslapky maglumatlara görä, uçaryň tehniki näsazlygy heläkçiligiň sebäbi bolupdyr. Heläkçilik wagtynda Pokhara şäheriniň töwereklerinde howa şertleri we görüjilik oňat bolupdyr. Pokharanyň howa menzili wagtlaýyn ýapyldy.
Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Nepalda ýere gazan ATR 72 uçarynyň bortunda 15 sany daşary ýurtly, şol sanda bäş sany hindi, dört sany russiýaly, iki sany koreýaly we Irlandiýanyň, Argentinanyň, Awstraliýanyň we Fransiýanyň 1 sany raýaty bolupdyr. Galan 53 adam Nepalyň raýatlary.

düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......