Mercedes-Benz 2022-nji ýylda awtomobil satuwyny 1% azaltdy

  • 11.01.2023 14:22
  • 12k+

Mercedes-Benz AG 2022-nji ýylda dünýäde bölekleýin satuwlaryny 1% - 2 mln 43,9 müň awtomobile çenli azaltdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Bu azalma kowide garşy çäklendirmeler hem-de ýarym geçiriji komponentleriň ýetmezçiligi we üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler bilen baglanyşyklydyr diýip, kompaniýa belleýär. Gibrid awtoulaglaryň we elektromobilleriň iberilişi 19% ýokarlanyp, 319,2 müň birlige ýetdi. Şol sanda elektromobil satuwy iki esseden gowrak (124%) – 117,8 müň birlige çenli ýokarlandy.
2022-nji ýylda kompaniýanyň Hytaýdaky satuwy 1% - 751,7 müň awtoulaga çenli azaldy, Aziýada ol 1% - 987,8 müň birlige çenli ýokarlandy. Ýewropada üpjünçilik 1% ýokarlanyp, 635,1 müň awtomobile ýetdi. Şol sanda Germaniýada ösüş 8% (229,5 müňe çenli) boldy. Demirgazyk Amerikada awtoulag satuwy 3% - 327 müňe çenli, şol sanda ABŞ-da 4% - 286,8 müňe çenli ýokarlandy.
Dördünji çärýekde kompaniýanyň tutuş dünýäde satuwy bir ýyl ozalky degişli döwür bilen deňeşdirilende 17% ýokarlanyp, 540,8 müň awtoulag boldy. Şol sanda Hytaýda awtomobil satuwy 13% - 189,1 müňe çenli ýokarlandy.
Soňky bir ýylda awtoöndürijiniň bazar bahasy 7% - 71 mlrd ýewro çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde DAX fond indeksi 7,7% ýitirdi.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....