Skaloni 2022-nji ýylyň iň gowy milli tälimçisi boldy

  • 10.01.2023 20:05
  • 11k+

Argentinanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän Lionel Skaloni Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan 2022-nji ýylyň iň gowy milli tälimçisi diýlip saýlandy. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Argentinaly hünärmen 240 utuk gazandy. Ikinji orny Fransiýanyň toparynyň tälimçisi Didýe Deşam eýeledi (45 utuk). Üçünji marokkoly Walid Regragi boldy (30).
Saýtda taryhda ilkinji gezek afrikaly tälimçiniň üçlükden orun alandygy bellenilýär.
Skaloni 2018-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy. Onuň ýolbaşçylygynda argentinalylar 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji, Amerikanyň Kubogy – 2021-iň eýesi we “Finalissima” – 2022-niň ýeňijisi boldular.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....