Hytaý kompaniýasy Owganystanda nebit çykarar

  • 09.01.2023 15:39
  • 27k+

Owganystan Amyderýa basseýninden nebit çykarmak barada hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnama, «Taliban» hereketi 2021-nji ýylda Owganystanda häkimiýeti eýeläninden bäri, daşary ýurt maýadarlary bilen baglaşylan ilkinji uly şertnamadyr.

Ylalaşyga laýyklykda hytaý şereketi demirgazykdaky Sari-Pul, Jauzjan we Farýab welaýatlarynda umumy meýdany 4500 inedördül kilometre barabar bolan  çäkde nebit öndürer.
Şertnamanyň şertlerine görä, hytaý kompaniýasy ilkinji ýylda 150 million amerikan dollaryny maýa goýmaly, üç ýylda bolsa maýa goýumyň möçberi 540 million amerikan dollaryna ýeter.


düýn 19:01
3.7k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...