Serdar Berdimuhamedow Hytaýa saparyny ýurduň Milli Muzeýine baryp görüp jemledi

  • 06.01.2023 19:24
  • 13k+

Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji döwlet saparynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pekiniň merkezinde ýerleşýän Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Týananmen meýdançasynyň günbatar böleginde ýerleşýän bu desga dünýäde iň gelim-gidimli muzeýleriň biri hasaplanýar diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Nygtalyşy ýaly, bu ýerde döwlet Baştutany muzeýiň käbir ekspozisiýa zallaryna aýlanyp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmanyna muzeýiň aýratynlyklary hem-de onda saklanýan täsin gymmatlyklar barada gürrüň berildi.
Bu ýerde ýurduň taryhynyň iň gadymy döwürlerinden başlap, häzirki gününe çenli gaýybana syýahat etmek bolýar. Mundan başga-da, muzeýde hytaý sungatynyň sergileri, häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýalaryň gazananlary görkezilýär. Neolit döwründen galan eksponatlary bilen haýran galdyrýan muzeýde bürünçden, keramikadan, farfordan, nefritden, altyndyr kümüşden ýasalan täsin tapyndylar bar. Bu ýere gelýänler gadymy hytaý suratlary, kalligrafiýa eserleriniň täsin nusgalary bilen hem tanşyp bilýärler.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......