Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy

  • 06.01.2023 18:57
  • 6.9k+

6-njy ýanwarda Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-niň  Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwaty bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki birnäçe ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Umumy pikire görä, häzirki günde Aşgabat hem-de Pekin döwletara gatnaşyklarynyň has oňyn görnüşini işläp taýýarladylar. Gatnaşyklaryň bu görnüşi Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklar baglanyşdyrýan türkmen hem-de hytaý halklarynyň dünýägaraýşyny we taraplaryň  milli bähbitlerini nazara almak bilen öňde durýan wezipeleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......