Ford ABŞ-da ortaça her 49 sekuntda bir sany F seriýaly pikap satýar

  • 06.01.2023 18:28
  • 23k+

Ford F-Series-iň maşgalasy 2022-nji ýylda ABŞ-da iň köp satylan awtoulag adyny saklap galdy. Awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy 46 ýyl bäri bu awtoulag modeliniň adyny mynasyp saklap gelýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, F-Series 41 ýyl bäri ABŞ-da iň köp satylýan awtoulag adyny elden bermän gelýär. Ford-yň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda kompaniýa bu görkezijini saklady. Ol bu pikaplardan 640 müň sanysyny, her 49 sekuntda bir awtoulag satdy.
Amerikan şereketiniň hasaplamagyna görä, 2022-nji ýylda satylan F-Series-leri bir-biriniň yzynda bamperi bampere degrip goýsaňyz, olaryň zynjyry 2,4 müň mil-e (3,8 müň km-e) uzap gider we Los Anželesden Detroýta ýeter.
2023-nji ýylda bu modeliň goýberilip başlananyna 75 ýyl dolýar. 


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......