Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň «Ženmin žibao» gazeti üçin makala taýýarlady

  • 05.01.2023 23:54
  • 14k+

Dünýäde meşhur neşirleriň biri bolan «Ženmin žibao» gazetiniň redaksiýasynyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň öň ýanynda «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makala taýýarlady.

Makalada iki ýurduň arasynda köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara düýpli seljerme berilýär hem-de hyzmatdaşlygyň has-da ýokary derejä çykaryljakdygyna ynam bildirilýär. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary, tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeler babatda garaýyşlaryň gabat gelýändigi ýa-da ýakynlygy aýratyn nygtalýar:

«Biz Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de ýurdumyzyň bu derejä esaslanýan daşary syýasat ugruna hormat goýýandygyna ýokary baha berýäris. Öz nobatynda, Türkmenistan hemişe hytaý hyzmatdaşlarymyz üçin möhüm bolan meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewiligine hem-de jebisligine dahylly ýagdaýlara öz garaýyşlaryny anyk hem-de kesgitli beýan edýär, “Bir bitewi Hytaý” syýasatyna berk eýerýär.
Merkezi Aziýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Şunda iki ýurduň garaýyşlary ýakyndyr, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy sebitde ýüze çykýan meseleleriň çözgüdine syýasy we diplomatik usullar arkaly çemeleşmek bilen, köptaraplaýyn bähbitleriň deňeçerligine esaslanýan berk we uzakmöhletleýin howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler. Biziň döwletlerimiz bu işlere uly goşant goşmak bilen dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde öz garaýyşlaryny beýan edýärler» diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň makalasynda bellenilýär.

Hytaýda millionlarça okyjylar tarapyndan gyzyklanylyp okalýan bu gazetiň türkmen Baştutanyna şeýle teklip bilen ýüzlenmegi dünýä bileleşiginde, şol sanda Ýer ýüzüniň ilatynyň bäşden birini düzýän döwletde Türkmenistana, ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere ägirt uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem makalasy çap edildi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......