Türkmenistanda 2023-nji ýylda suwdan peýdalanmagyň möçberi tassyklanyldy

  • 05.01.2023 08:36
  • 32k+

2023-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti 4-nji ýanwarda gol çekdi.

Çarşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradow suw üpjünçiligi hem-de suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak we bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek arkaly, goşmaça suw gorlaryny döretmek hem-de ýurdumyzyň ähli pudaklaryny suw serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna 2023-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberini ähli suw çeşmelerinden ugur alyp, degişli möçberde tassyklamak barada taýýarlanan Buýrugyň taslamasyny hödürledi.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......