2022-nji ýylyň iň ygtybarly smartfony belli edildi

  • 04.01.2023 14:12
  • 31k+

Internet torunda JerryRigEverything ady bilen tanalýan tehnobloger Zak Nelson 2022-nji ýylda çykarylan iň berk we gowşak smartfonlardan reýting düzdi. Wideo YouTube-da ýerleşdirildi.

Bu sanawda birinji orny urga çydamly gajetlere ýöriteleşen hytaý kompaniýasyndan ykjam Android operasion sistemaly AGM H5 eýeledi. Nelson bu gurluşyň synag wagtynda döwüp bolmadyk örän berk korpusa eýedigini belläp geçýär.
Iň gowşak smartfon Asus ROG Phone 6 Pro boldy. Tehnobloger synaglaryň birinde gajeti hiç hili kynçylyksyz diýen ýaly iki bölege böldi.
Abatlaýyş işlerine has ýaramly telefon hökmünde hünärmen Google kompaniýasyndan Pixel 7 Pro-ny belledi. Onuň aýtmagyna görä, iPhone 14 hem gurluşyň arka gapagyny çalt aýryp bolýandygy sebäpli abatlaýyş işleri meselesinde özünden öňkülerden has aňsat bolup çykdy.
Şol bir wagtyň özünde Samsung Galaxy Z Fold 4 bilen Galaxy Z Flip 4 smartfonlarynyň eýelerine bu meselede kynrak düşýär. Nelson muny bu gajetleriň gurluş taýdan çylşyrymlydygy, gymmat komponentlere eýedigi we döwülmek ähtimallygynyň hem ýokarydygy bilen düşündirýär.

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......