Gazagystan IBA ýurtlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 04.01.2023 08:17
  • 11k+

Halkara Boks Assosiasiýasy (IBA) ähli agram kategoriýasyndaky söweşijileriň reýtinginiň täzelenen görnüşini neşir etdi. Sanawyň birinji ornunda 48 100 utuk bilen Gazagystan ýerleşdi. Ikinji orny 37 600 utuk bilen Özbegistan, üçünji orny 36 300 utuk bilen Hindistan eýeleýär. Ilkinji bäşligi ABŞ we Türkiýe jemleýär diýip, forbes.kz habar berýär.

Sanawyň soňky orunlaryny Demirgazyk Makedoniýa (100 utuk), Şri-Lanka (100) we Islandiýa (50) eýeledi. Reýtingde jemi 135 ýurt bar.
GDA ýurtlaryndan Ukraina 12-nji orny, Ermenistan 14-nji, Russiýa 15-nji, Gyrgyzystan 38-nji orny eýeledi.
IBA-nyň umumy reýtingi 17 agram kategoriýasynyň ählisini göz öňünde tutýar. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystan ABŞ-dan we Braziliýadan yza galyp, üçünji orny eýeledi.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....