Serdar Berdimuhamedow Täze ýylyň öňünde ýylyň jemlerini jemledi

  • 30.12.2022 09:10
  • 40k+

Penşenbe güni, 29-njy dekabrda Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.

Mejlisde döwlet Baştutany 2022-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 52 sany, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12 sany mejlisiniň, şeýle hem 49 sany dürli döwlet maslahatlarynyň geçirilendigini belledi.
Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda köp işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem-de onuň durmuşa geçirilip başlanmagy amala aşyrylan işiň esasy netijeleriniň hatarynda görkezildi.
Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlarynyň amala aşyrylandygy, şeýle hem döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana sapar bilen gelendikleri bellenildi. Geljek ýylda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejedäki gepleşikler meýilleşdirilýär.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, netijede, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna aýratyn üns çekildi.
Şeýlelikde, 2022-nji ýyl ýurdumyzda döredijiligiň we şanly wakalaryň ýyly boldy.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» kabul edildi. Şu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde geçip barýan ýylda hem jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini gazanyldy. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk meýilnamalaýyn esasda döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär.


şu gün 09:38
5.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

düýn 10:01
876

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 00:49
5.4k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...